Adamlaryn Mejnuny Leýliden Sowasdyrjak Boluslary Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

ADAMLARYN MEJNUNY LEÝLIDEN SOWASDYRJAK BOLUSLARY HAKYNDA HEKAÝAT

Adamlar Mejnuna diýenler seýle:
«Töwerek-dasyna nazarny aýla.
Leýli diýip, çekip ýörmän dert-elem,
Basga gyzlara-da göz aýla senem.
Bir syn edip görsen olan kesbine,
Köýübem ýörmersin Leýlin yskyna.
Leýli dagy hiç kim ýanynda olan…»
Mejun bu sözlere dergazap bolan.
«Gözelligi duran islendik gabyn
Sizinçe, nämede? Berin jogabyn.
Aldanman on dasky ýaldyr-ýuldurna,
Mazmun geçmelidir birinji orna.
Gabyn içindäki zähermi, serap?
Bilip bolmaz ony dasyndan garap.
Eger zäher bolsa – basyna ýeter,
Serap bolsa – göwün hosyna ýeter.
Tanry sol bir gapdan ýagdaýna garap,
Kime-zäher berýär, kime-de – serap.
Gaba baha bermän das görnüsinden,
On içini görýän – danadyr çyndan…

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

Hits: 8

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.