Adam Ogly,özüň Bilmeý, – Magtymguly Pyragy

Adam ogly,özüň bilmeý,
Gedem-gedem ädejek sen,
Eýäniň emrini kylmaý,
Öz köňlüňi güýdejek sen.
Istärsen älemi gapsaň,
Karun bolup genje depseň,
Halal,haram, herne tapsaň,
Gözüň yumup,yuwdajak sen,
Nadan olduň1 ,bilgil bary,
Unutdyň perwerdigäri,
Köňle gelen her bir käri,
Sangy etmeý ädejek sen.
Aslyň nedir,etgil nazar,
Tutan işiňden kyl hezer,
Ajal saňa etse güzer,
Habaryň ber nädejek sen,
Dünýäni gyzgyn tutmagyl,
Işiň gör bikär ýatmagyl,
Magtymguly unutmagyl,
Gidejek sen,gidejek sen!
*
1 „Neden olduň“ diýen warianty hem bar
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.