Adam Ogly, Ömre Bolmagyl Maýyl, – Magtymguly Pyragy

Adam ogly, ömre bolmagyl maýyl,
Ýigitligiň dyza, bile myhmandyr;
Ýene hak ýolunda bolmagyl kähil,
Basan gadamlaryň ýola myhmandyr.
Mekanyňdyr-häki-zemin guçar sen,
Bir kerwen sen – diýaryňa göçer sen,
Möwsüm güli solar, guryr, öçer sen,
Owazyň sem bolar, tile myhmandyr.
Kimseler hak diýer, kimse saz bile,
Kimse humar bile, kimse baz bile,
Garkyldaşyp gezen hoş owaz bile,
Ýaşylbaş sonalar köle myhmandyr.
Görüň, dostlar, bu sözümde ýalan ýok,
Bir garybam, nesihatym alan ýok,
Magtymguly, meniň derdim bilen ýok,
Derdimiň dermany bile myhmandyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.