Adam Ogly, By Dünýäden Ötinçäň, – Magtymguly Pyragy

Adam ogly, by dünýäden ötinçäň,
At bilen abyraý alan ýagşydyr,
Gulatynyň saýasynda ýatynçaň,
Bürgüt penjesinde galan ýagşydyr.
Binamaz elinden tagam içmäňler,
Islenmegen ýerde guftar açmaňlar,
Hergiz namart köprüsinden geçmäňler.
Gark bolup, derýada galan ýagşydyr.
Hataryň görküdip maýalar, nerler,
Ilimiň kuwwaty merdana ýerler,
Ýalançy taňrynyň duşmany diýler.
Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr.
Magtymguly, diýer sözüm dag aşmaz,
Namart adam ýoldaşyna garaşmaz,
Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz,
Toýuň meýlisindeý gülen ýagşydyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.