Adam Bolup, Adam Gadryn Bilmeýen , – Magtymguly Pyragy

Adam bolup, adam gadryn bilmeýen ,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy,
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.
Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,1
Minnetli aş ajy bolar zäherden,
Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir güwläp ýatan çöl ýagşy.
Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,
Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy,
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.
Bir biwepa ýara gülüp bakandan,
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.
Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,
Bu dünýä tutdurmaz, çüýrýkdir düýpden.
Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden –
Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.
*
1“Ötmek müşgül bolar daşgyn nehrden“ diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.