Adam Bolsaň, Gulak Goýgul Öwüde, – Magtymguly Pyragy

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,
Alymlar ýanyňda söhbet ýagşydyr!
Atarman-çaparman algyr ýigide,
Ýeri gelse aman-nurbat ýagşydyr!
Hemra bolup oturmagyl pis bile,
Poha degseň, beýniň dolar ys bile,
Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,
Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr!
Zynhar, kast etmegil iýdigiň nana,
Köňlüň haýra bagla, sydkyň-imana,
Hiç azar bermegil bir müsülmana,
Ogry ärden, bir dogry it ýagşydyr!
Käşki adam bu dünýäge gelmese,
Gelenden soň ömür sürse – ölmese,
Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr!
Magtymguly, niçik geçse ruzugär,
Haka şükr et, barma, namarda, zynhar,
Ýok döwletden egdir, bolsa bir hünär,
Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.