Abdal Maňa Ebedjamyn Synaly, – Magtymguly Pyragy

Abdal maňa ebedjamyn synaly,
Mesjit kaýsy,mährap kaýsy, bilmedim.
Ol gudazda janym erip ýanaly,
Abat kaýsy,harap kaýsy, bilmedim.
Bir tabeşe tap etmedim,toz boldum,
Toprak boldum,ataş boldum,suz boldum,
Daşdan bişdim,içden köýdüm,köz boldum,
Ki nar kaýsy,kebap kaýsy, bilmedim.
Güzer etdimbir mekansyz mekana,
Seýran etdim bir meýdansyz meydana,
Haýran galdym bir jahansyz jahana,
Beýit kaýsy hem bap kaýsy, bilmedim.
Nebse uydum,özüm bildim,hyrs boldum,
Akyl işin dogry sandym,ters bildim,
Her eşýadan ýar sypatyn ders aldym,
Kuran kaýsy,kitap kaýsy, bilmedim.
Magtymguly ol mekanda meks etdi,
Şeyhler turdy,ýigitler deý raks etdi
Her eşýadan ýar jemaly eks etdi,
Ab kaýsydyr,şerap kaýsy, bilmedim.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.