Ykbalyň bermedi oňa ygtyýar.
Gyssan, Berdinazar, gyssan birneme —
Entek geçilmeli menzilleriň bar.
Göz açalyň bäri hysyrdap ýörşüň,
Ömrüňde birje gün gezmändiň bikär.
Şonda-da birneme gyssan, eý gardaş —
Sähraňa etmeli seýilleriň bar.
Owadan dünýäni aşygy bolduň,
Ýaşyl ýaýlara bolduň hyrydar.
Başyň dikliginde, gyssan ezizim —
Mähriňden ganmadyk meňizleriň bar.
Ýaşan ýaşyň saňa arzan düşmedi,
Dünýäň eşretinden bolmadyň humar.
Dokuzyň dolmagy beýlede dursun —
Ondan bärräkde-de gowuzlaryň bar.
Bäş adamlyk dagy zähmet çekensiň,
On adamlyk dagy çekensiň azar.
Hernä ykbal saňa ýylgyrsyn, hanym —
Entek ysgamadyk bägülleriň bar.
Dilän zadyň kabul bolýar diýseler,
Sorasalar: Hany, näme kemiň bar?
Berdinazar, iki müçe ýaş dile —
Heniz has balaja ogullaryň bar.
Ynsabyň başga hökümdaryň ýok,
Edenmegin şondan başga hökümdar.
Berdinazar, maksadyň ýetesiň —
Ak maksadyň, ajap meýilleriň bar.