stümde Durnagöz Asmanym Barka Berdinazar Hudaynazarow

Üstümde durnagöz asmanym barka,
Saçagymda barka mele çöregim,
Törümde perzendim — islänim barka,
Darykma-da, giň bol ahyr, ýüregim!

Bu ajaýyp daňlar, nurana daňlar
Ak süýdün sepeläp durka jahana,
Guşlar gözýetimde gaýyşyp ýörkä,
Bitakatlyk üçin barmy bahana?!

Bozagandyr ýowşanlaryň ysyndan
Kükäp, serhoş edip durka Garagum,
Söwer myhman gelip durka gapyňdan,
Urunma hakyň barmy, ýüregim!

Pöwrizeden Aşgabada geçeňde,
Alçak gyzlar almalygyň içinde,
Alýaňak almany edýärkä hödür,
Ýürek, biynjalyk bolmagyň nedir?!

Aýdyma aşykka uludan-kiçi,
Goýulýarka goşga hormatdyr gadyr,
Iýseň iýip, içseň içip bilýäkäň,
Ýürek, bu düşnüksiz gürsüldiň nedir?!

Şeýle bir adamlar gördüm ömrümde:
Ursaň — ýylgyrýarlar,
Sökseň — gülýärler.
Toýam, bir ýasam bir — şoň üçin olar
Ne ezýet çekýärler,
Ne-de ölýärler.

Mahal-mahal gözüň gidýär olara,
Ýürekleri sowuk, ganlary sowuk.
Bir hepde undasyň gelýär bar zady,
Ähli pikirleri kelläňden kowup.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.