ler Öýsüzlikden Özelenerdiň (Gurbanýaz Daşgynow) Berdinazar Hudaynazarow

Öňler öýsüzlikden özelenerdiň,
Şükür, indi tünegiň bar, tünegiň.
Indi lezzeti-de ap-aýrydyr-la,
Gök çaýyň başynda edýän pinegiň.

Aratjanyň bolsa palaw bişirer
Künjiniň ýagyny gazyň oduna.
Bir ýanyňda ogluň, birinde gyzyň,
Beýle döwlet düşüpmidi ýadyňa?

Ýalançyda başga näme kemiň bar —
Ýöne iňňirdejek bolýaň-la ballym?
Türkmeniň sözüniň gadryny bilýän
Nowruz gary ýaly arassa dilim!

Durmuşyň şindiki dolulygynda
Durmuşdan nalamak külli günädir.
Sebäbi, bu zeýrenjiňe degmeýän
Soňy pakja bäş günlüjek dünýädir:

Saňa göwni ýetmeýänleň köpüsi
Özüňem bilýänsiň, özüňden pesdir.
Ýetimligi ýeňip, hossar çykaňsoň,
Kiçelip ýörmegiň goý indi, besdir!

Agşam ýatsaň Şükürim bar diýip ýat,
Ertir tursaň, Şükürim bar diýip tur.
Inim, muny Berdinazar diýenok,
Muny birçak Magtymguly diýipdir.

Men dünýäde täze bir zat görmedim,
Aýdylmadyk sözem ýok bu dünýäde.
Bize saglyk bilen sahawat gerek,
Göz dikmäli inim, başga bir zada.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.