Maýsaly Meýdan Oda Berdinazar Hudaynazarow

Buldaraşýar begres geýen meýdanda
Ter säheriň dakan gulakhalkasy.
Bu ýerde yhlasyn siňdiren daýhan,
Eliň dert görmesin, ömrüň ýalkasyn!

Owadan jahanda gözüm açalym,
Gören nagyşlarmyň iň bir nepesi.
Tyllaýy göwsünden urýar burnuma
Ak süýt bilen mele çöregiň ysy.

Zülpleriňi darap geçýän şemalda
Görjek bolýan gögelelik şeklimi.
Asyl zada aňk bolmagyň aýby ýok,
Ýasama zat aýnatmasyn aklymy!

Nurana daňdanyň emmesin sorup,
Gönenen sümmüller, derlän sümmüller.
Gamyşgulak bedewleriň ýalyny
Sypalan sümmüller, sermän sümmüller!…

Başyn egip, baldyrymy duşaklan,
Wepaly gyz bolup bilim guşaklan,
Ýitirip tapany ýaly gujaklan
Maýsaly meýdana alkyş okalyň.

Özi soltan bolup, utanyp duran,
Berenmi müň esse gaýtaryp duran.
Egninde dünýäni göterip duran,
Maýsaly meýdana alkyş okalyň.

Gözüm doýrup, gursagymy giňeden,
Ýowuz günde hossar bolup äňeden.
Ant içdigim ak maňyzly däneden,
Maýsaly meýdana alkyş okalyň.

Bagtym bir çüwen doglan topragym,
Üstüne enem dek eglen topragym,
Gyssanmada saňa sygnan topragym,
Maýsaly meýdana alkyş okalyň!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.