Güýz Berdinazar Hudaynazarow

Gum-gukluk bar, başga zat ýok,
Ak derekleň arasynda
Janly zatdan men ýeke-täk,
Ak derekleň arasynda.

Synlap durup, ylla, däli
Ýaprak basan inçe ýoly,
Gezmeleýär güýz şemaly,
Ak derekleň arasynda.

Dymýar ýoda… dymýar howa…
Ne guşlar bar, ne-de owaz.
Humar göwnüm urýar perwaz,
Ak derekleň arasynda.

Bakýan Köne ýola bakýan,
Biri geljek ýaly hökman,
Yz-yzyna çilim çekýän
Ak derekleň arasynda.

Ýatlamalar kalby gyýýar,
Ýürek aglamaga taýýar…
Agyr geçen ýaşlygym bar
Ak derekleň arasynda.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.