Ene Dilim Berdinazar Hudaynazarow

Hallaryň neneňsi,
Taplaryň niçik
Eziz ene dilim, mähriban dilim?
Gel, söhbet edeli açykdan-açyk,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Ýüz müň öwüşginden örülen desse
Şahyra — şygyr sen, gürrüňçä — kyssa,
Ak säheriň nury ýaly arassa —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,
Ýüregimde gaýnap çykýan owazym.
Babalardan miras galan ýalňyzym —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Halaldan halal süýt emeniň dili,
Eý, ynsabyň dili, ynamyň dili.
Uzalmasyn saňa ýamanyň dili,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Daňyň çygy, säherleriň süýdi sen,
Sallançakda meýmireden hüwdi sen.
Doň kalby eredip bilýän jady sen,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Iň agyr günlerde batamda oýa,
Öz dilimde nalyş etdim Hudaýa.
Seni zaýalasak — özümiz zaýa,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Söýýän, söýýän diýip dilime alman,
Harlansaň — aglaýan, gülleseň — gülýän.
Ýaşaweri hernä, saralman, solman,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Bu topragyň ogly bolup ýaşamak
Garaz, kimiň kimdigi
Bizi goldap bu günlere ýetirdiň
Dilleriňde şepagat
Halaýyklar, ömrüň ýoly
Goşa çynar oturtdylar gapymda
Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy
Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup
Dünýe-hä owadan
Ullakan şäherde janyn ynanýan
Dünýä juda mätäç merde
Diňli obasy. Tarypnama
Men bu gün ýaplanyp ýatan ýerinde
Gün
Süýt süýde meňzesin çagaň hakynda
Özümiň kimdigim tanajak bolup
Tebigaty boýun egdirjek boldu

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.