Gergez Obasy Berdinazar Hudaynazarow

Gün Soňudagynyň gerşini sypap,
Aňyrlygyna bakan sallandy gitdi.
Garaňky gatlyşyp barýan çagynda,
Ak maşyn gadymy Gerkeze ýetdi.

Jülgäniň düýbünde otyr bu oba.
Ýyldyz boýly daglar — daşynda haýat,
Men Gerkezi görmän şu ýaşa çenli,
Öz-özüme edipdirin hyýanat.

Ýürege meňzeýär Gergez obasy.
Daşyndaky daglar — girelge ganat.
Pyragy dyrmaşyp çykmandyr daga,
Ol uçupdyr, muny duýdum şu halat.

Bu oba başga-da bir zat meňzeş:
Gerkez ýada salýar Kosmodromy.
Daglar emaý bilen yzy serpilip,
Ortasyndan göterlendir Pyragy!

Jülgäniň düýbünde çyralar ýanýar,
Giň köçäniň ugry ýyldyr-da-ýyldyr.
Bu mahal daglaryň dik depesinde
Lowurdap göründe ilkinji ýyldyz.

Gerkez asmanynda gözüme ildi
Ala-böle ýyldyz. Bu niçik ahwal?
Bu jülgeden uçup giden Şahyryň
Ýyldyza öwrülen bolmagy ahwal.

Ynanmak aňsat däl. Ynanmazlyk kyn.
Hemme zat mümkin!
Onuň ömri baýaky bir ömürden
Rowaýat has ýakyn!

Bir tarapdan howalanýar Soňudag,
Başga bir tarapda Sünt bilen Hasar.
Parahat dem alýar Gergez obasy,
Ne-hä bir ah-wah bar, ne-de ýurtbasar.

Şahyr bolsa aýlanyp ýör älemi,
Göreşip ýör şindem beýik akyldar.
Dünýäde şer barka uklamaga däl
Onuň diňe söweşmäge haky bar!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.