Bize Bakýana Berlen Sowgat Däl Berdinazar Hudaynazarow

Bize bakýana berlen sowgat däl,
Güneşli gündizler, aýly gijeler.
Gädip, iýip oturmaly nygmat däl,
Güneşli gündizler, aýly gijeler.

Bir görsek göwnüňi göterýär göge,
Birden bar keýpimi çykarýar ýoga.
Aşyk däl yşkynda oýnap ýörmäge,
Güneşli gündizler, aýly gijeler.

Owadan meňzine nikabyn örtüp,
Ömrüň tanapyny kem-kemden kertip,
Akar suw mysaly barýarlar ýortup,
Güneşli gündizler, aýly gijeler.

Adam arzuw bilen bakýar sähere,
Mähriňden boý berip nowça nahala,
Kä gyş öwrülýär, käte bahara,
Güneşli gündizler, aýly gijeler.

Ýelpesin ýüzümi daňyň şemaly —
Şoldur meniň üçin dünýäniň maly.
Hözirden ýüklengi, ünjüden doly,
Güneşli gündizler, aýly gijeler.

Sabaýança ähli maksat-myradym,
Gitsemdim siz bilen ädime-ädim.
Ah, sahawatkerdäm hem-de jelladym —
Güneşli gündizler, aýly gijeler.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.