Beýik Şahyrlar Berdinazar Hudaynazarow

Şahyra-da berlen ýekeje ýürek.
Gudrat ol ýüregiň ýanýanlygynda.
Ýakýanlygynda.
Gursagyna sorup halkyň namysyn
Onuň bu apaty çekýänliginde.

Magtymgulyň sözi bilen aýdaňda,
Ony başarmaga kişi gerekdir.
Beýle garamaty boýnuna alýan
Beýikler kän däldir, olar seýrekdir.

Ýyldyzlar emirden eýmenmeýärler,
Emirler ýyldyzdan edýändir heder.
Beýikler il-güne mydama gerek,
Ýöne gara günde gerek has beter.

Ýerde dogup, ýalkym bolup göterlen
Pyragylar, kemineler, seýdiler.
Şykyrdaşýan gylyçlaryň astynda
Kükrek getirip dogry sözi diýdiler.

Beýle adamlaryň güýçli ýaragy
Ot dek çyn söz bilen süýt dek niýetdir.
Beýikler bolmasa dünýä garrardy,
Beýikler beýik bir zeruryýetdir.

Buharada emir, Hywada han ýok.
Emma Pyragy bar! Emma Seýdi bar!
Olar halky gursagynda göterdi,
Indi bolsa halk olary göterýär!

Olar agyr günde ynanjyň boldy.
Boldy arka dirän yranmaz gaýaň.
…Çyn şahyrlar özün aýap bilmeýär,
Rysgalyň haky üçin olary aýaň!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.